TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / “Ýaş nesiller-röwşen geljegimizdir” wagyz-nesihat…
“Ýaş nesiller-röwşen geljegimizdir” wagyz-nesihat çäresi
23.09.2026 Çäk birleşmeler

“Ýaş nesiller-röwşen geljegimizdir” wagyz-nesihat çäresi

        Ýaşlaryň kalbynda watansöýüjilik,ynsanperwerlik duýgularyny we milli buýsanjy ösdürmek, adamkärçilik,belent ahlaklylyk sypatlaryny has-da kämilleşdirmek arkaly olaryň hakyky kämil ynsanlar bolup ýetişmeklerini gazanmak döwrümiziň möhüm talabydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 2-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçmegi bu ugurda durmuşa geçirilýän giň gerimli işlere täzeje itergi beren bolsa, kalby hyjuwdan doly ýaşlarymyzy mundan beýläk has-da yhlasly okamaga, gurmaga, döretmäge, berkarar Watanymyzyň şöhratly ösüşlerine saldamly goşant goşmaga ruhlandyrdy.

       Gahryman Arkadagymyzyň çuň manyly çykyşyny watançylyk düşünjesinden başlanmagy ýöne ýerden däl. Watan-biziň ömrümiziň örki, ykbalymyzyň şugla saçýan şamçyragy. Ynsan balasyna güýç-kuwwat berýän gudrat, ozaly bilen, onuň ene topragyna, ata Watanyna bolan gyzgyn söýgüsidir. Bu mukaddes duýgy ajaýyp zamanada Garaşsyzlygyna guwanyp, Bitaraplygyna buýsanýan we röwşen geljege ynamly barýan agzybir halkymyzyň, şol sanda ruhubelent ýaşlarymyzyň müdimi hemrasydyr.”Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geljegi siziň nurana ykbalyňyz bilen baglydyr”diýip, ýaşlara uly ynam bildirýän Milli Liderimiz her bir oglan-gyzyň Watana bolan söýgüsini ylym-bilimi, päk zähmeti bilen aýdyň ýüze çykarmagy üçin giň mümkinçiliklere ýol açdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän bu nusgalyk ýol-ýörelgäniň rowaçlyklara beslenmegi aýratyn buýsançlydyr. Türkmen ýaşlary bu gün halkara derejede ylym-bilim alýarlar, iň oňat şertlerde zähmet çekýärler. Özleri hakyndaky aladany duýup ýaşamak olary täze üstünliklere, has belent sepgitlere ruhlandyrýar.

       Garaşsyzlyk ýyllarynda ýaş nesli milli ruhda terbiýelemäge, ylym-bilim ulgamyny döwrebap derejede kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Döwlet tarapyndan ýaşlara döredilýän giň mümkinçilikler olaryň ýurdumyzy ykdysady we ruhy kuwwatyny has-da artdyrmagyna ýardam berýär.

       Hormatly Prezidentimiz ýaşlary Watanyň daýanjyna deňeýär. Bu beýik ynamdan ruhlanýan ýaşlar ýurdumyzy ösüşiň täze derejelerine çykarmakda, halkyň jebisligini pugtalandyrmakda öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Her ýyl mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirmegi asylly däbe öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine işjeň gatnaşýan bagtyýar we öňdebaryjy ýaşlar ata Watanyň bedew batly ösüşi, halkyň nurana geljegi bilen baglanyşykly işlere, durmuşa geçirilýän özgertmelere özleriniň dahyllygyna aýdyň göz ýetirýärler. Raýatlyk borjuna we berk syýasy düşünjesine daýanýan ýaşlar ähli halk ähmiýetli maslahatda kabul edilýän taryhy çözgütleriň ähmiýetini wagyz etmekde hem işjeňlik görkezýärler. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy diňe bir ykdysady ösüşler bilen çäklenmän, eýsem, jemgyýetimizde agzybirligiň,asudalygyň we bitewüligiň mizemez nyşany hökmünde dabaralanýar. Döwletimiziň her bir raýaty azat hem erkin ýurtda, parahat asmanyň astynda ýaşaýandygyna tüýs ýürekden buýsanýar.  Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen parasatly taglymat esasynda halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, kämil nesli kemala getirmek hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça ägirt uly tapgyrlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi Garaşsyz Türkmenistanyň röwşen geljegine bolan ynamy has-da berkidýär.

      “Meniň baş maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň esaslaryny has-da berkidip, ýurdumyzy beýik geljegimize tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr” diýip buýsançly belleýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri rowaç alsyn!

 

                                                           

 

 

 

Tagangül Ýollyýewa,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Magtymguly etrap birleşmesiniň baş buhgaltery

Degişli Habarlar