Türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni we täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli okuw sapagyny geçdi. Oňa ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän ýaş hünärmenler, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, mugallymlar we talyplar, mekdep okuwçylary gatnaşdylar.
Gahryman Arkadagymyz watandaşlarymyza, mugallymlara, talyp ýaşlara we okuwçylara ýüzlenip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň giňden bellenilip geçilýändigini aýtdy hem-de olary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we berk jan saglygyny, ata Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmakda uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw etdi.
Bu taryhy waka mynasybetli Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň 18-nji orta mekdebinde Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenbaşy etrap birleşmesiniň we Bilim bölüminiň gurnamagynda “Ýaş nesliň durmuşdaky oruny” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede halypa mugallymlar çykyş edip, türkmen halkynyň Milli Lideri öz çykyşyny esasy zatdan — watançylyk düşünjesinden başlandygyny aýtdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, iň gymmatly miras terbiýedir. Ynsanyň bagtyýarlygy diňe ýazgydyna däl-de, oňa siňdirilen terbiýä hem baglydyr. «Çagaly öý — bazar», «Çaga — ömrüň dowamy» ýaly parasatly jümleleri döreden türkmen halky ösüp gelýän ýaş nesillere aýawly garapdyr. «Biz pederlerimiziň «Akylyň bahasy bolmaz, terbiýäniň — çägi» diýen pähiminden ugur alyp, nesil terbiýesine aýratyn üns berýäris” diýip, Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly sözlerini aýdyp geçdiler.
Şeýle-de çykyş edenler, Gahryman Arkadagymyzyň: “Men bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, häzirki zaman dünýäsinde berkarar döwletimiziň orny we wezipesi, öňümizde duran maksatlar hem-de wezipeler barada durup geçmek isleýärin. Ýurdumyzyň ýaş raýatlary bolan siz häzire çenli amala aşyrylan işleri berkitmelisiňiz. Garaşsyz döwletimiziň mynasyp geljegi üçin giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmelisiňiz. Siziň bu belent wezipäni mynasyp amala aşyrjakdygyňyza ynanýarys”-diýip,Watanyň geljegini ýaş nesillerimize ynanandygyny buýsanç bilen aýtdylar.
Çäräniň ahyrynda nesillerimiziň bagtyýar ýaşamagy, hakyky watançy we halal adamlar bolup ýetişmekleri üçin, ýaşlara sanly ulgamdan giňden peýdalanmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Ýagşymämmet Begliýew,
TKA-nyň Türkmenbaşy etrap birleşmesiniň başlygy