TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Ýaşlar Watanymyzyň guwanjy we aýdyň geljegidir
07.09.2026 Çäk birleşmeler

Ýaşlar Watanymyzyň guwanjy we aýdyň geljegidir

   Bereket etrabynyň 19-njy orta mekdebinde, Bereket etrap bilim bölüminiň, TKA-nyň Bereket etrap birleşmesiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 2-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni we täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli okuw sapagy barada, ýokary synp okuwçylaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

   TKA-nyň Bereket etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni Guwanç Meredow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

   Islendik adamyň Watana söýgüsi adaty, sagdyn duýgudyr. Ýaş adam üçin bolsa bu aýratyn many-mazmuna eýedir. Sebäbi hut şol ýyllar onda Watana bolan söýgi, ýurduna bolan buýsanç duýgusy kemala gelýär. Watana wepaly, mynasyp hyzmat etmelidigine akyl ýetirýär. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geljegi siziň nurana ykbalyňyz bilen baglydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Siz öz alan bilimiňiz we zähmetiňiz, edep-ekramyňyz we zähmetsöýerligiňiz bilen eziz Watanymyzyň şöhratyny mundan beýläk-de belende götermelisiňiz. Birek-biregiň üstünliklerine buýsanyp, halkymyzy, Watanymyzy söýmelisiňiz. Ilhalar şahsyýetler bolup ýetişmelisiňiz. Watanymyzyň şanly taryhyna, milli köklerimize, beýik şahsyýetlerimiziň gazananlaryna göz ýetirýän hem-de olardan netije çykarmagy başarýan ýaşlar biziň buýsanjymyzdyr! diýip belledi.    

    “Hormatly Prezidentimiziň berk nygtaýşy ýaly: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!». Mähriban ýaşlar! Siz eziz Diýarymyzyň buýsanjy we geljegi! diýip, sözüni jemledi.

 

 

     

  

Bahargül Begnazarowa,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Bereket etrap birleşmesiniň baş buhgalteri

 

Degişli Habarlar