TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Ýaşlar Watanyň daýanjy
04.09.2026 Çäk birleşmeler

Ýaşlar Watanyň daýanjy

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan ähli işler, belent maksatly tutumlar, ilkinji nobatda, halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmegä gönükdirilendir. Halkyň, aýratynam ýaş nesliň abadan, bagtyýar durmuşy baradaky aladanyň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigine şaýatlyk edýär.

   Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap birleşmesi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda  Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda, ýaňy-ýakynda 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýurduň ýaşlary, talyplary we mekdep okuwçylary bilen geçiren uly göwrümli umumy sapagy barada giňişleýin çykyşlar edildi. Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň “Ýaşlar Watanyň Daýanjy” atly kitabyna salgylanyp, ylymyň-bilimiň Watanyň ösüşindäki möhim orny barada aýdyp geçen sözleri hakynda hem giňişleýin gürrüňler edildi. Geçirilýän her bir wagyz-nesihat  çäreleri ýaşlarda maşgala mukaddesligi baradaky düşünjelerini we milli gymmatlyklarymyza bolan buýsançlaryny has hem artdyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan asylly ýörelgelerine eýerip mynasyp ýaş nesilleri kemala getirmek babatda uly işler alnyp barylýar.

     Ýurdumyzda  ösüp  gelýän  ýaş  nesillerimizi  medeni  mirasymyz,  milli   däp-dessurlarymyz esasynda terbiýe bermegi, ýaş nesillerimizi ýaramaz endiklerden goramagy, jemgyýetimiziň sagdynlygy her bir maşgala üçin zerurlygy barada aýtmak bilen ýaş nesillerimiziň beden taýdan berk, akyl taýdan kämil, sagdyn bolmaklaryny gazanmak, ynsan saglygyna, jemgyýetiň ösüşine ýetirýän zyýanyny halk köpçüligine düşündirmek, wagyz-nesihat işlerini güýçlendirmek maksady bilen geçirilýän çäreler Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan oňyn özgertmeler syýasatynyň möhüm ugrunyň halkymyzyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň saglygy we abadançylygy hakyndaky alada bolup durýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr - diýip bellediler.  

      

 

 

Döwletmyrat Tatarow,

TKA-nyň Balkan welaýatynyň

Gyzylarbat etrap birleşmesiniň başlygy

Degişli Habarlar