TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy
Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy
03.09.2026 Çäk birleşmeler

Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda, biziň ýurdumyzda ähli ulgamlarda görülip eşdilmedik uly öňegidişlikler gazanyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň parahat, asuda türkmen halkynyň agzybirlikde şeýle-de eşretli ýaşamaklygymyz üçin gije-gündizki aladalary biziň her birimizi galkyndyrýar, buýsandyrýar.

     Hormatly Prezidentimiziň her bir çykyşlaryndan gelip çykýan wezipeleri takyk, doly we dogry durmuşa geçirmeklik üçin her birimiz özümize ynanylan wezipäni aňry-ýany bilen ýerine ýetirmekligimiz wajypdyr. Şu gün TKA-nyň Gyzylarbat etrap birleşmesiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň, we etrap polisiýa bölüminiň wekilleriniň bilelikde gurnamagynda etrabyň 17-nji orta mekdebinde ýokary synp okuwçylarynyň arasynda wagyz nesihat ýygnagy geçirildi.

Idi birnäçe ýyl bäri biziň ýurdumyzda asyly däp bolup geýän her ýylyň sentýabr aýynyň 1-30-y aralygynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk çäresi yglan edilýär. Munuň özi ýurdumyzda adam hakynda aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugrudygyna şaýatlyk edýär. Bu çäräniň sentýabr aýynda geçirilmegi ýurdumyzda täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Bu ähmiýetli çäre köçelerde awtoulaglaryň we pyýada ýolagçylaryň gatnawlarynyň ýygjamlaşmagy, sürijilerdir pyýadalaryň has-da ünsli bolmagyny talap edýär.

    Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan, içerki we daşarky syýasatlaryny wagyz-nesihat etmek, kabul edilýän kanunlar, kadalaşdyryjy hukyk namalary hakynda düşündiriş işleriniň, nesil saglygyny gorap saklamak, berk bedenli, sagdyn nesili kemala getirmek, ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrmaklyk çäreleri hem yzygiderli alnyp barylýar.

    Öz halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin atalyk aladalaryny gaýgyrmaýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Aýnagözel Muhammedowa,

TKA-nyň Gyzylarbat etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni

Degişli Habarlar