TKA-nyň Bereket etrap birleşmesi we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Bereket etrabynyň 20-nji orta mekdebinde ýokary synp okuwçylarynyň arasynda ýol hereketiniň howpsyzlygy barada wagyz nesihat çäresi geçirildi
Her ýylyň 1-30-nji sentýabry aralygynda geçirilýän bir aýlygynyň dowamynda Diýarymyzyň ähli künjeklerinde köçe ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça giň gerimli çäreler guralýar. Bu geçirilýän çäreler toplumy ýurdumyzda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi arkaly ilatyň saglygyny goramaga gönükdirilendir.
Bu ajaýyp ýörelge bize her bir işimizde görelde mekdebi bolan halypamyz, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany döwründe 2013-nji ýylda hut özüniň teklibi bilen badalga alypdy. Munuň bilen baglanyşykly yzygiderli geçirilýän çäreler ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilmegine, ýol- ulag hadysalarynyň öňüniň alynmagyna, şeýle hem adamlary hukuk kadalaryny hormatlamak ruhunda terbiýelemäge ýardam berýär.
Bu ugurda ýerine ýetirilýän işleriň çäklerinde awtoulaglaryň hereket edýän döwrebap ýollarynda howpsuzlygy üpjün etmek boýunça raýatlaryň saglygy we emlägini hem-de daşky gurşawy gorap saklamak üçin döwletimizde döwrebap milli ulag ulgamyna degişli kanunlar hem kabul edilýär. Hereket edýän kanunlar döwrüň talabyna laýyklykda, yzygiderli kämilleşdirilýär. “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzyň çäginde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň hukuk esasyny kesgitleýär. Ýol hereketniň howpsuzlygy çygrynda döreýän gatnaşyklary düzgünleşdirýär we raýatlaryň janyny, saglygyny we emlägini gorap saklamagy üpjün etmäge, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga gönükdirilendir.
Halk bähbitli işler Gahryman Arkadagymyzyň tagallalarynyň netijesinde başy başlanyp, häzirki wagta hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwlet derejesinde dowam etdirilýändigini ýene-de bir ýola aýdyňlygy bilen subut edýär. Halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy barada bimöçber tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Prezidentimize sagbolsun aýdýarys. Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Gulatar Gazakow,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Bereket etrap birleşmesiniň başlygy