Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap birleşmesi, etrap bilim bölümi şeýle-de etrap polisiýa bölümi bilen bilelikde guramagynda Türkmenbaşy etrabynyň 8-nji orta mekdebiniň ýokary synp mekdep okuwçylarynyň arasynda ýol hereketleriniň düzgünlerini düşündirmek hem-de ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmeklerini nygtamak maksady bilen «Ýollarymyz asuda-ýurdumyz parahat» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda ýol hereketinde sürüjileriň hem-de pyýada ýolagçylaryň ünsli bolmaklary, ýol hereketiniň kadalaryny doly we dogry berjaý etmekleri, sürüjileriň çagalar baglarynyň, mekdepleriň hem-de köpçülikleýin çäreler geçirilýän ýerleriň golaýyndan geçenlerinde kesgitlenen tizlik bilen hereket etmekleri, ene-atalaryň çagalaryny mekdebe ýa-da barada nygtap geçdiler.
Duşuşygyň ahyrynda bagtyýar halkymyzy şeýle-de röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiz barada şunuň ýaly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!
Şemşat Arazmämmedowa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap birleşmesiniň baş buhgalteri