TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Ýollarymyza asudalyk ýaraşýar
15.09.2026 Çäk birleşmeler

Ýollarymyza asudalyk ýaraşýar

        TKA-nyň Bereket etrap birleşmesi we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Bereket etrabynyň 19-njy orta mekdebinde ýokary synp okuwçylarynyň arasynda ýol hereketiniň howpsyzlygy barada wagyz nesihat çäresi geçirildi. Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk ýurdumyzda adamyň saglygyna we onuň abadan ýaşaýşyna gönükdirilen bimöçber aladanyň bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykmasy. Munuň özi Hormatly Prezidentimiziň ilatyň saglygy, asuda durmuşy babatda amala aşyrýan işleriniň dowamat-dowamdygynyň güwäsidir. Hormatly Prezidentimiziň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek we ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça geçirilýän çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak meselesine hemişe üns berýär. Awtoulaglaryň köpelmegi ýol hereketiniň kadalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegini, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň üpjün edilmegini, bu işe gözegçiligi has-da güýçlendirmegi talap edýär. Awtoulaglar üçin ýollaryň ençemesiniň gurlup ulanmaga berilmegi, köçeleriň giňeldilip, durkunyň täzelenilmegi ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek hemmämiziň borjumyzdyr. Çünki ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygydyr. Şunuň bilen baglylykda, sürüjiler ulaglara erk edenlerinde, seresaply bolsalar, pyýada ýolagçylar hem ýol hereketiniň düzgünlerini doly berjaý etseler, hereketiň sazlaşykly boljakdygy hemmämize düşnüklidir Halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin ägirt uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il- -ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun.

 

 

 

 

 

Guwanç Meredow,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Bereket etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni

Degişli Habarlar