TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Ýollaryň bezegi — sazlaşykly hereket
25.09.2026 Çäk birleşmeler

Ýollaryň bezegi — sazlaşykly hereket

        «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň yglan edilmegi ýollarymyzyň asuda, hadysasyz bolmagyny gazanmaklyga döwlet tarapyndan uly ähmiýet berilýändiginiň, raýatlaryň rahat durmuşyny üpjün etmekde alnyp barylýan işleriň giň gerime eýediginiň subutnamasydyr. Bu ählihalk çäre sürüjileriň, pyýadalaryň hem ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmekligi durmuş kadasyna öwürmeklerini, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, umuman, gatnawly ýollarymyzyň sazlaşykly bolmagyny gazanmakda örän ähmiýetli bolup durýar. Biraýlygyň çäklerinde geçirilýän çäreleriň oňat netije berýändigini bellemek gerek. Olarda pyýadalaryň we sürüjileriň jogapkärçiligi, ünslüligi elden bermezligi, herekete gatnaşyjylaryň ýol hereketiniň düzgünlerini we kadalaryny doly berjaý etmelidigi, bularyň bolsa howpsuz hereketi, rahat ýaşaýşy şertlendirýändigi düşündirilýär. Awtoulag sürüjileri bilen bir hatarda, pyýada ýolagçylaryň hem elmydama ünsli bolmalydygy, bellenen tertip-düzgüni pugta berjaý etmelidigi aýratyn nygtalyp geçilýär. Ýurdumyzyň hemişe abadan, asuda bolmagy, halkymyzyň bagtyýar, erkana durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

 

 

 

 

Gülöwser Gylyjowa,

Bereket etrabynyň 20-nji

orta mekdebiniň mugallymy

KA-nyň işjeň agzasy

Degişli Habarlar