Şu gün Gyzylarbat etrabynyň 27-nji orta mekdebinde ýörite düzgünnama esasynda yglan edilen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk çäre esasynda wagyz nesihat ýygnagy geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda owadan belent binalar bilen bir hatarda, giň hem tämiz, halkara ölçeglerine laýyk gelýän häzirki zaman gara ýollarynyň gurulmagy, olaryň degişli ýol yşyklar, ýol belgileri we ýol çyzgylary bilen üpjün edilmegi eşretli zamanamyzda raýatlaryň ýollarda bökdençsiz we howpsuz hereket etmeklerine uly mümkinçilikler döredýär. Köçe – ýol hereketiniň düzgünlerini sürüjileriň berk berjaý edişleri ýaly, olary pyýadalar hem dürs ýerine ýetirmelidirler. Bu möhüm işde mekdebe çenli ýaşly körpeleriň, mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň, şeýle hem her bir raýatyň bu düzgünleri dogry berjaý etmegi zerurdyr.
Etrabyň bilim bölüminiň, polisiýanyň ýerli wekilleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Gyzylarbat etrabynda ýerleşýän başlangyç we orta hünär okuw mekdeplerinde, orta mekdeplerde we çagalar baglarynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” diýen at bilen birnäçe çäreler geçirilýär.
Şeýle çäreleriň geçirilmegi çagalar bilen baglanyşykly ýol – ulag hadysalarynyň öňüni almaga we olaryň ýol hereketiniň kadalaryny öwrenmegine ýardam edýär.
Ýaşlaryň köçe – ýol hereketiniň düzgünlerini oňat bilmegi we doly berjaý etmegi biziň ýollarymyzyň asudalygyny, ömrümiziň rahatlygyny üpjün eder.
Biziň her birimiziň Türkmenistan ýurdumyzda bagtyýar ýaşap, asuda ýollarda erkana gezmegimiz, ömrümiziň rahat bolmagy üçin taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il – ýurt bähbitli beýik işleri rowaç bolsun!
Döwletmyrat Tatarow,
TKA-nyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat
etrap birleşmesiniň başlygy.