TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Zähmeti goramak-adam saglygynyň we zähmet netijel…
25.09.2026 Çäk birleşmeler

Zähmeti goramak-adam saglygynyň we zähmet netijeliliginiň kepili

     Zähmeti goramak islendik kärhanada,edaralarda we önümçilik zähmet çekýän adamlaryň ömrüni,saglygyny hem-de zähmet ukyplylygyny saklamaga gönükdirilen durmuş-ykdysady,guramaçylyk, tehniki we sanitariýa-gigiýena çäreleriniň ulagly ulgamy bolup durýar.Adamyň zähmet çekmäge bolan hukugy diňe bir iş bilen üpjün edilmeli däl eýsem şol işiň howpsyz we saglyga zyýansyz şertlerde amala aşyrylmagyny hem öz içine alýar.

     Biziň döwletimizde zähmeti goramak barada köp dürli uly çäreler geçirilýär, ol sebäpli adamlaryň iş ýerini howpsyzlandyrmak, saglygyna zyýan ýetirmezlik şertleri döredilýär. Adamyň janyny, saglygyny, iş zähmedini goramak we gowulandyrmak, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň birinji aladasy bolup durýar.

    Zähmeti goramak-önümçilikde ýüze çykýan howpsuzlygy, zähmet çekýän işgäre täsir edýän professional zyýanlyklary ýüze çykarmak, aýyrmak we onuň öňüni almak ýa-da peseltmek işlerini alyp barmak üçin ugrukdyrylan sosial-tehniki ylymdyr. Şol sanda önümçilikde döreýän betbagtçylyk,ýol-ulag hadysalary we ýangyna garşy görülýän çäreleri çözmekden ybaratdyr.

     Tehniki howpsuzlyk-yzygiderli guramaçylyk we tehniki çäreler  hem-de serişdeler ýüze çykýan howply täsirlerini önümçilikde öňüni almak üçin ugrukdyrylýar.

     Eýeçiligiň görnüşine garamazdan etrabymyzdaky ähli   edara-kärhanalarda raýatlaryň zähmet hukugyny goramak maksady bilen “Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy” mynasybetli TKA-nyň Bereket etrap birleşmesi we KA-nyň ilkinji guramalary tarapyndan edara kärhanalarda işgärleriň zähmet howpsyzlygyny we işiň ýerine ýetirilşiniň estetikasyny berjaý etmek boýunça  edara-kärhanalarynyň arasynda gözden geçiriliş  geçirildi. Edara-kärhanalarda işçilere sagdyn we howpsuz zähmet şertleriniň döredilişi,tehniki we ekologiýa howpsuzlygynyň doly berjaý edilişi, zähmet goramak hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň ýerine ýetirilişini seljerip görüldi. Gözden geçirilişde baýrakly orna Bereket etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň sport mekdebi mynasyp boldy. Bäsleşikde ýeňiji bolan Zähmet köpçüligine TKA-nyň Balkan welaýat birleşmesi we KA-nyň Bereket etrap birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary hem-de hormat haty  dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

 

 

 

 

Guwanç Meredow,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Bereket etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni

Degişli Habarlar